Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri

Ruhy we dünýewi tarapdan Hz. Isa:
Isa Pygamberiň Ýol Ýörelgeleri we adamzadyň hem-de ýer ýüzünüň özgermegine goşan goşantlary. Bu sahypa döwrebap nukdaýnazarlardan hem-de dürli ugurlardan gazanylan tejribelerden emele gelen praktiki maglumatlar sahypasydyr.

Bu sahypada türkmen dilinde ybadat barada käbir maglumatlary tapyp bilersiňiz.

 +

 Isa we Yslam

Bizin web sahypamyzda Dört Mukaddes Kitap, Wahiý hem-de başga mowzuklar3) barada birnäçe dilde2) giňişleýin maglumat tapyp bilersiňiz.

 

1) Gysga görnüşleri: Türkçe, ...

2) Giňişleýin görnüşleri: İňlis we Nemes dilindäki maglumatlarymyz yzygiderli täzelenýär... , ...
hem-de:

-

http://www.ways-of-christ.com/tr/tk.html

Parahatçylyk üçin ybadat, Ýer we Ýaşaýyş

Bu dileg Hristianlygyň manysyny düşündürýän täsirli dogadyr.

Taňrym, meniň aslym, meniň goldawym we meniň umydygarim!
Isa Mesih bilen bir bolyp Senden gelen ähli nygmatlaryňa şükür!
Meni Senden uzaklaşdyrýan ähli zat üçin meni bagyşla!
Seniň Sözüňe boýun bolmaga we Seniň ýoluň bilen gitmäge kömek et!

Seniň ýoluňdakylara zyýan berdirmäge rugsat berme!
Meni Seniň eradaňa görä başgalaryna kömek etmegim üçin yol görkez!
Meni gorap sakla! *

Ynsanlara ölümüň we direlmegiň Saňa baglydygyna iman etmekleri üçin ylham ber!**
Seniň ýaradan mahluklaryň üçin işleýänlere kömek et!***
Wada beren täze eýýamyňa bizi hem alyp git!****
 

*) Bu yere aşakdakylary hem goşmak bolar:

**) Bu yere has jikme jik maglumatlar goşulyp biler, ýa-da dilegiň yzyndan şunuň ýaly tefekkür edilip bilner: 'Yowuzlyga soň ber', 'meseleleri çözmek arkaly ýowuzlygyň soňuna çyk, 'Dürli dinlerden salyh wekilleriniň arasynda parahatçylykly diýalogyň başlamagy', ... . seret: Mt 5:9 we 26:52.

***) Tebigat kömek sorap aglaýar. Häzir hudaýa ýalbarma zamany, Taňrym bizi tebigatyň “gazaply” güýçlerinden halas et! Muňa garamazdan adamyň beýleki mahluklara bolan garýşynda hiç zat üýtgemeýär.

****) Seret 11:2; 21:31. Wahiy 11:16; ... Taňry ähli kiliselerde özüne berlen söýgüni paýlaşyp bilýär. Şol bir ruhda Taňra çokunmak, ýaşamak we hereket etmek biri-biri bilen sazlaşýandyr.

 

3) Beýleki dillerde bellenen esasay tekst bölümlerden ybaratdyr: 1-nji bap: Maksatlara (niýetlere) giriş we tekstiň oýlanmaly yşaratlar arkaly ulanylmagy. "Başda “greek” diýen söz duş geldi, soňra “ten” diýen söz geldi"; Isa Mesih: onuň dogulşy; Hristiýanlygyň täzeden döreýşi barada goşmaça sahypa; Hz. Isanyň ýaşlyk ýyllarynda belläp geçmeli wajyp wakalar barmy?; Isa- atly iki oglanjygyň arasyndaky dawa barada teswirleme; Iordaniýada John haçlandyrjy (hristiýan dini kabul etdirmek üçin geçirilýän däp) tarapyndan haçlandyrylmak; häzirki döwürde haçlandyrmak baradaky goşmaça sahypasy bilen birlikde; Çöldäki ümsümlik; Höwesler; Kanadaky toý; (Jyns duýgurlygy, mähir, gynanç we söýgi garaýyşlary); “Mukaddess jançekijilik” (we duýgulara bolan garaýyşlar); Dagdaky Wagyz we pikirlere bolan garaýyşlar; Hz. Isanyň Favor Dagynda keşbini üýtgetmegi; Lazarusy ölümden direltmek gudraty baradaky soraglar; "Goýun"; Hz. Isa "aýagyny ýuwýar" Betaniniň Merisi Hz. Isa ýag çalýar (Hristianlygyň däp-dessury) Hristian ruhanylaryny üçin iň möhüm zatlaryň biri; Soňky agşam nahary, dabaraly giriş, tutsaglyk we urgylar; "Tikenli täç" we soňky sözler; Haça çüýlemek we jaýlamak(Hristian mistisizminiň garaýyşlary); Içi boş galan mazar barada soraglar, "dowzaha düşýän basgançaklar" we "jennete eltýän basgançaklar"; Täzeden direliş; "Hz. Isanyň ýerden jennete geçmegi";Pentecost (pasha baýramçylygyndan elli gün soň bellenýär); Hz. Isanyň suratyna salgylanma 2-nji bap: St. Johnuň täsin açyşlary; Pygamber bilgiçligine garşy näme etmeli; Johnuň täsin açyşlaryndan: Ýedi sany kilise; häzirki zamanyň kiliseleri hakynda goşmaça sahypa, olaryň tapawutlary we biosferasy; "Ýedi gulp"; "Ýedi gümmürdi"; "ýedi gök gümmürdisi" we iki pygamber; zenan we aždarha; Deňiziň "ýedi kelleli jandary"; Ýeriň "jandary" ; “Gaharyň ýedi sabyr käsesi”, “Wawilonyň” ýykylmagy, we Isa Pygamberiň ikinji gezek gelmegi; "1000 ýyl hakyky asudalyk"; täze Jennet, täze Ýer we "Täze Irusalim"; Soňky bölüm: Hristianlaryň ýagdaýy; Tablisa: Hristianlaryň ýagdaýy: Dünýäden däl-de dünýäde. 3. Başga temalar: Ybadat etmek, ahlak gymmatlyklaryň esaslary, Isa baradaky täze taglymaty düzlemek, Isa, adamlary iýmitlendirmek we haýwanlary goramak, Hudaýa Ynam we Ylym, Isa we gutulma – hat-da şu gün hem, Pata bermek, Hristiýanlaryň ykdysadyýete we sosial soraglara nazary, Hristiýanlaryň jemgyýete we syýasata nazary, Din we pelsepe: Habarmesiň geplän sözüne kommentariýalar, ekologiýa, geljekki durmuş, Hristian teologiýasynyň dürli mekdepleri we sahypanyň maglumatlary, Hristiançylykda Hudaýa akyl ýetirme, Ruhubelentlik we Buthana, Ölümden soňky durmuş we onuň ölümden öňki durmuş üçin netijesi baradaky sorag, Hristiançylyk we onuň beýleki “Durmuş” we “ Reinkarnasiýa” baradaky taglymatlara gatnaşygy.... 4. Könelen wesýet we beýleki dinler bilen gepleşige goşmak, Könelen wesýet, Iudaizçilik we Isa Pygamber, “ Isa we Yslam”, Zaratuştranyň dini (Parsizçilik), “Buddizm”, “Induizm”, “Daosizm, Konfusiançylyk), “Sintoizm we adaty dinler“, Din adamyň Hudaýa “birikmesi” hökmünde.

"Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri" ylmy gözleg proýektidir. "Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri" atly web sahypa dinleriň arasynda asuda aragatnaşyklary hem-de has hem çuňňur düşünüşmekligi goldaýar. “Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri” kiliselere hem-de guramalara bagly däldir, hiç hili girdeýji almaýar we syýasata täsir etmeýär. “Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri” agzalaryna missionerlik we agitasiýa etmeýär.

Adam hukuklary: biziň makalamyzy üýtgetmän çap edip alyp bilersiňiz we öz dostlaryňyza paýlap bilersiňiz.

Email: (mümkin bolsa Iňlis ýa-da Nemes dillerinde).


Iňlisçe:
Maglumat:  Isa Mesih we Yslam dini.

Dinler arasyndaky diýalog

Bu sahypa birnäçe ýyldyr dowam edip gelýän dinler arasyndaky diýaloga has çuň düşünmäge goşantdyr. Bu makala Yslamy diňe bir bütin şeklinde beýan etmeýär. Yslamda dürli-dürli taglymatlar bardyr.

Gurhan we beyleki kitap iberilen dinler

Yslamyň manysy Allanyň eradasyna boýun bolmak diýmekdir.
Yslam dininiň Mukaddes Kitaby bolan Gurhan Isa Pygambere hem gelen Jebrtaýyl perişde tarapyndan wahiý ýoly bilen indirilýär. Mukaddes Gurhan Yslam dininde iň birinji çeşmedir. İkinji bolup, Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) sünneti (edim gylymlary, aýdan diýenleri) we hadyslary gelýär. Adamlar hadyslary Gurhanyň teswiri hökmünde kabul edýärler. Yslam dininde Pygamber, Hudaý däl, ynsan neslinden gelen adaty ynsan hasaplanýar. Hristiýanlykda İnjili bilmeýänleriň bar bolşy ýaly hem, dinlerini bilmeýän musulmanlara hem gabat gelmek bolýar.

Gurhan Hristiýan we Jöhitlere ençeme yerinde göniden göni Eý Ehli Kitap, ýagny özlerine pygamberleri bilen kitap iberilenler we Ysraýylogullary diýip ýüzlenýär. Mysal üçin Nisa suresi 171-njı ayada seret. Munuň sebäbi olaryň hem bu Kitaby gözden geçirmeleri üçindir, emma olar muny okamaýarlar. Din ylymlary ähli dinleri, taryhda olary özgerden teswirleri bilen öwrenýän ylymdyr. Yöne Mukaddes Kitaplar olara hormat goýulup öwrenilmelidir. Musulman müfessirleriniň bir topary Gurhanyň aslynyň Alla tagala tarapyndan diňe päk perişdeleriň hem-de nurana pygamberleriň baryp biljegi emin ýerde saklanýandygyny ýazypdyrlar, başga müfessirler hem muny Gurhan okaýanlar ýer ýüzünde päk, arassa, tämiz bolmalydyr diýip düşündiripdirler.

Pygamberler belli bir wagta ya-da wagt aralygyna ynsanlara dogry ýoly görkezmek üçin iberilendir. (Seret sure 5, 19*.) Mukaddes Gurhan Muhammet pygamberiň öwredişi ýaly “Ynananlary”, “Ehli Kitaby” hem-de “Kapyrlary” biri birinden tapawutlandyrýar. Gurhanda "Ehli Kitap" esasan biri birine köki has ýakyn bolan Hristiyanlara we Jöhitlere diýilýär. Muňa kä wagt Otparazlar hem goşulýar. (Seret: Parslar; sure 22, 17*). Gurhan bir Allaha, Ahyrýetde Hasap gününe ynanmagy öwredýän, Pygamberleri we olaryň raýatlary we zamanalary üçin edýän dileglerini kabul edýär. Mysal üçin seret: sure 6,83-92; sure 7; sure 4,136*. Gurhan bu dinlere uýanlary birmenzeş köke daýanýandyklary üçin "Kapyrlar" diýip atlandyrmaýar. (Seret: sure 5, 48*). Gurhana görä Yslamyň başlangyç döwürlerinde Hristiyan we Jöhitlere Yslam dinine girmeleri üçin zor salynmaýar. (Seret: Dinde zora salma yokdyr. Sure 2, 256).
Ybraýym Pygamber dine bir Allaha ynanan we sygynan Hanyf hasaplanyar.
Alla Yslam dininde hudaý diýmek. Yslamdan öňki arap dilindäki al-ilah sözinden döreýär. Bu kelime Jöhitlerde Musa Pygambere iberilen kitaplarda hem zikr edilýän hudaýyň ady bolan "Elohim" sözi bilen manydaşdyr.

"Kapyrlar" (manysy "üstüni örtenler") diýilende gysgaça Arabystanda Hz. Muhammediň zamanasynda köphudaýlylyga we butparazlyga ynananlar göz öňüne tutulýardy. Olar hakda Injilde hem Hristiýanlar we Jöhitlere habardar boluň diýlip üns çekilýär. Hazirki döwürde Yslamda bir Hudaýa we ahyrýet gününe ynanmaýanlar Kapyr hasaplanýar. Bu adalga käbir musulman däl kişiler, hatda ýek-tük musulmanlar tarapyndan ýalnyş ulanylyp bilinýär.

Gurhanda Hz. Isa

Gurhanda Hz. Isa dürli manylar bilen düşündirilýär. Isa Mesih Allanyň Sözüdir. (Süre 3:45; 4:171), Isa al-Mesih Allanyň Ruhydyr (Süre 66:12) Ol Isany Adam ýaly yaratdy (2,3,5 sureler). Aslynda bu aýatlar Isa sosýal reformaçy hökmünde garaýan Hristiýan ilahiýetçilerden has ýokary baha berýär. Ýöne Yslamda üç taňrylyk ynanjynyý çäklerinde Isanyn oglydygy kabul edilmeýär.

Bu ynanjy ygtybarly ýagdaýda düşündirip biljek Hristiyan ýok diýen ýalydyr. Mysal üçin seret: Sure 6, 101*. Romalylaryň haty 1.4 - de Hz. Isa mukaddes ruhuň güýji bilen Hudaýyn ogly diýlip kabul edilipdir.(ýagny dogmandyr). Yslamda Hudaýyň dogmadygy we Hz. Isanyý dogurylmadygy ynanjy Hristiýanlyga ýakyn ynançdyr. Grek sözü bolan "logos" Injilde taňry we İsa Mesihin mıssiýasy bilen baglanyşyky ulanylypdyr. Şol bir wagtyň özünde bu kelime Dört mukaddes kitapda “Söz" diýlip terjime edilýär we Gurhanda hem İsa Mesih üçin ulanylýar. Gurhanyň aýatlarynda entek Musulmanlar we Hristiýanlar tarapyndan doly manysyna erişilmän galan we häzir hem dawalaşylýan syrlar barmyka? Bu wagzy Hristiýanlaryň köp hudaýlylyk ýaly edip ynsanlara aýtmalary, Hz. Isanyň öz wagyzlaryna hem ters gelýär. Atamyza (Hudaýymyza) meniň adym bilen (ýagny meni dogaňyzyň kabul bolmasy üçin wesile edip) dileg ediň. (Ýuhanna 15:16) Hz. İsanyň durmuşy onuň eriş argaç ýaly baglanan bir Hudaýy bilen we ynsanlara oňa giden ýoly görkezmek bilen geçipdir.

Grek sözi we Ýuhannanyň İnjilinde agzalyp geçilen “Isa Mesih Allanyň Sözüdir” Gurhanyň terjimesinde (Nemes dilinde) hem göniden göni Isa Mesihe hakynda aýdylýar. Gurhanyň başga terjimelerinde Hudaýyň meselesi we Hudaýyň emri şeklinde terjime edilýär. (sure 13,2 we 13,11*).

Mukaddes Gurhan Isa Mesihi Adam ata ýaly ýaradylandygyny aýdýar. (Sure 3, 59*) we Isa Mesihe ruh bermek için Allanyň Ruhy tarapyndan İlçiniň iberilişinden söz edýär. Hristiýanlyk ynanjyna görä ol ilçi ya-da resul Isa Mesihi Mukaddes Ruhdan dogandygyny habar berýär. Yslamda bolsa Isa Mesihin Ruh we Mukaddes Ruh tarapyndan güyç berlendigi aýdylýar. (Sure 5,110*).

Gurhany Kerime göra Isa Mesihiň direljekdigini aýdýar. (Sure 19, 33*). Ýöne munyň manysy Hz. Isanyň Gurhanda ençeme gezek bellenip geçilen ynsanlaryň direljekleri kyýamat we hasap güni bolup biljekligini aňladýandyr. (Sure 4,159*) Gurhan Hz. Isanyn dirikä göge göterilendigini aýdýar. (sure 4, 157 - 159, sure 3,55*).
Musulmanlar we Hristiyanlar Isa Mesihiň göge göterilmänkä Hristiyanlaryň ynanyşy ýaly haça çüylenmegi, ölmegi ýaly meselelerde bir pikirde däl. Musulmanlar Hz. Isanyň haça çüylenmänkä diriligine göge göterilendigine ynanýarlar. Emma iki dinde hem Isanyň aslynda ölmän eýsem ynsanlara bu ölümiň üsti bilen nesihat berendigi ynanjy bar.
Mysal üçin Sure 3,55* we Sure 5,48*de şeyle diyilyar. ..."Seni paklarin...." we "Ähliňiz bize gaýdyp gelersiňiz we şol wagt siziň düşünüşmedik meseleleriňizi size Biz habar bereris".
Munuň üçin musulmanlar we hristiýanlar düşünişmezliklere soň berip galan syrlaryň çözülmesi üçin sabyr bilen garaşmalydyrlar.

Gurhan Ahyrýet gününe ynananlaryň direljekdiklerini hem aýdýar. (mysal üçin seret : sure 36,77-83; sure 69,13-37; sure 75, 99*). Sonra Isa Mesih ýene geler we kitaba ynananlara şaýat bolar. (sure 4,159; deneşdir sure 16,89*).Gurhana görä Allaha we Ahyret gününe iman edenleriň (musulman däl hem bolsalar) Hasap gününden gorkmaly däldirler. (sure 2,62; sure 4,123-124; sure 7,170*).
Gurhana we İnjile göra Jöhit, Musulman ýa-da Hristiýan tapawudy ýok, Hasap güni gelinjek karar ynsanlaryň elinde däl-de diňe Allanyň elindedir.
(Dinleri biri biri bilen şunuň ýaly deňeşdirmek bilen Gurhanyň tarap tutmaýanlygy hakda şüphe döretmek islämzok.)

Ahlak kadalary

"Hz. Ybraýymyň Dinleriniň” 3-siniň hem ahlak kadalary özaralarynda biri-birine baglydyr. Parzlar Gurhanda hem öňe sürülýär, emma deň görnüşde ýerleşdirilmeýär. Meselem: 17,22-39 Suresi; 5,38-40 Suresi; 2,188 Suresi; 4,135 Suresi; 2,195 Suresi; we 17,70 Suresi. (adam mertebesi). Gurhanda, hiçkimiň günäsiz adamy öldürmägine rugsat berilmeýär. (5,27-32*Sura). "Jihad" ("Gihad") sözi diňe “söweş, göreş” manysyny berýändir. "Mukaddes söweş" diýen many Gurhandan däl-de Hz. Muhammediň aýdan sözlerinden we Yslamyň kanuny taglymatlaryndan alnandyr. Ruhuň (ýüregiň) bilen, akyl hem-de ahlak taýdan biriniň azgynlygyna garşy göreşmek "Beýik Jihad" diýip atlandyrylýandyr we daşarky dawalaryň ählisinden has möhümdür. Hz. Isanyň taglymatlaryny deňeşdirip görüň, bir kişiniň gözünüň şöhlesini almak – daşarky dawalaryň köpüsi manysyny ýitirýär. "Sözüň Jihady" bir kişiniň parahatlyk bilen öz dini barada gürrüň bermegidir. "Eliň Jihady" dindaryň görkezýän işjeň hem-de peýdaly nusgalarydyr. "Gylyjyň Jihady" ("Kiçi Jihad" diýlip hem atlandyrylýar) diňe dindaryň üstüne edilen hüjümden goranmaga rugsat berýär. (2,190* Suresine serediň), emma Gurhanda beýleki dinlere garşy "hyjuw" görmek mümkin (Mysal üçin: 48,29 Sura; 47,4*).
Musulman däl adam bilen durmuş gurmagyň gadagan edilşi ýaly jynsy aragatnaşyklarda hem adaty kada-kanunlar bardyr.

"Allahdan başga Taňry ýokdur we Muhammed onuň pygamberidir (resulydyr)“ diýip gaýtalamak;
Wagtly-wagtyna namazlaryňy berjaý etmek (2,177* Sure);
Remezan aýynda agzyňy beklemek (oraza, oruç tutmak) (2,185* Sure);
Azyndan bir gezek haja gitmek (2,196* Sure);
we "Zakkat" (Zekat) paýlamak (2,177* Sure)
 
Yslam dininiň parzlarydyr.

Häzirki döwürde Yslamyň we ahlaky meselelerini çözýän merkezi häkimiýeti ýok. Şeýle hem bolsa hormatlanýan alymlar (ulama) köpçülük tarapyndan giňden kabul edilýär.

*)Bu makalada Müsür hasaby bilen Musulman döwletleriniň köpüsünde ulanylýan, Rudi Paretiň terjimesi bolan Nemes dilindäki Gurhandan peýdalanyldy. Beýleki terjimelerde bentleriň manylary has tapawutly bolup biler, bentleriň hasaby üýtgäp şol bir Surede bir bendiň gaýtalanmagy hem ahmaldyr. Gurhanyň bölümleriniň manylary Nemes dilindäki Gurhanyň we Adel Theodor Khourynyň (terjimesi şol wagtyň Yslam Dünýä Kongresininň Baş Sekretary Dr. Inamullah Khan ýaly Musulmanlar tarapyndan kabul edilendir) teswirleriniň üsti bilen barlandy. Onuň teswirleri esasan hem adaty Yslam okuwlary hakynda düşünjedir. Gurhanyň gadymy Arap diliniň terjimeleriniň çylşyrymlylygy ady agzalyp geçilen ýerlerde ýeňillik bilen düşünülýändigi sebäpli kyn hem däldir.

***) Orta asyrda bolup geçen "Hristian haçly ýörişleriniň” Injile laýyklykda däl-de adamlaryň öz hereketlerine görä geçirilendigi sebäpli häzirki Ýewropaly Hristianlar tarapyndan goldanmaýar.

 

"Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri" ylmy gözleg proýektidir. "Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri" atly web sahypa dinleriň arasynda asuda aragatnaşyklary hem-de has hem çuňňur düşünüşmekligi goldaýar. “Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri" kiliselere hem-de guramalara bagly däldir, hiç hili girdeýji almaýar we syýasata täsir etmeýär. "Isa Mesihin Ýol Ýörelgeleri" agzalaryna missionerlik we agitasiýa etmeýär.